Ýokary öndürijilik üçin üznüksiz birikme
TKM-IX - Türkmenistanda ýerleşýän, Route Server üsti bilen we göni sessiýalary goldaýan trafik alyş-çalyş platformasydyr
TKM-IX tor gatnaşyjylaryna ýerli we daşary ýurt torlaryna gönümel birikmäge mümkinçilik berýär we bu aşakdakylara kömek edýär
Kime zerur bolup bilýär?
Bu iş segmentleriň hemmesi maglumatlaryň tizligine we gijikmegine duýgur bolýar. Internet Exchange, ähli gatnaşyjylara gönüden-göni birikmek we iň gysga ýol bilen trafigi ugrukdyrmak arkaly gijikmegi we tranzit trafige bolan çykdajylary azaldýar
Biz Aşgabatda ýerleşýän trafik alyş-çalyş nokady.
Biz Türkmenistanyň çäginde we ondan daşary sanly birikme mümkinçiliklerini giňeltmek üçin ýokary tizlikli we ygtybarly trafik alyş-çalyş hyzmatlaryny bermekde ýöriteleşýäris.
Lokal trafigyň optimizasiýasy
Ýerli internet trafiginiň Türkmenistanyň çäginde aýlanmagy aragatnaşygyň has çaltlaşmagyna we çykdajylaryň azalmagyna getirýär.
Tor gijikmesiniň (latency) azaldylmagy
Göni baglanyşyklar sebäpli gijikdirme minimal derejede bolýar.
Halkara baglanyşyk
Daşary ýurt internet üpjün edijilerine we kontent üpjün edijilerine birikmeler ýakyn wagtda garaşylýar.
Toruň ýokary elýeterliligi
Ätiýaçlandyrylan arhitektura esasynda gurulan tor ýokary elýeterliligi kepillendirýär.
Ykdysady netijelilik
Halkara tranzit üpjün edijilerine garaşlylygy azaltmak we ýerli maglumat alyş-çalşygyny optimizirlemek arkaly çykdajylaryň azaldylmagy gazanylýar.
Esasy kontent üpjün edijilere baglanyşyklar
Kontent üpjün edijileriniň köpüsine päsgelçiliksiz baglanma mümkinçiligi.
Giňeltmek mümkinçilikli (scalable) infrastruktura
Infrastruktura barha artýan islegleri kanagatlandyrmak üçin toruň işine päsgel bermezden giňeldilip biliner.
Iň amatly tor ýoly
Geçişleri (hop) azaltmak we maglumatlary geçirmegiň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin iň gysga ýollar (route).
Bu nähili işleýär?
Tor birikmesi: Guramaňyz, ýokary tizlikli fiziki baglanyşyk arkaly öz toruny TKM-IX bilen birleşdirýär. Bar bolan infrastrukturaňyz bilen üznüksiz birleşmäge mümkinçilik berýän Ethernet we optiki süýüm ýaly dürli baglanyşyk görnüşlerini goldaýarys.
Piring şertnamalary: IX-a birigensoň, IX-a birikdirilen beýleki tor eýeleri bilen piring şertnamalary baglaşyp bilersiňiz. Bu şertnamalar gönüden-göni maglumat alyşmaga, üçünji tarap tranzit üpjün edijilerine garaşlylygy azaltmaga we toruň umumy netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.
Trafigiň marşrutizasiýasy: Piringiň sazlanmagy, internet trafigiňiz alyş-çalyş nokadymyz arkaly has netijeli ugrukdyrylmagyna mümkinçilik berýär. Lokal trafik Türkmenistanyň içinde aýlanýar, tor gijikmesi azalýar we maglumatlaryň geçiriliş tizligi artýar.
Gözegçilik we dolandyryş: Öňdebaryjy gözegçilik gurallarymyz, toruňyzyň işleýşine häzirki wagt görnüşinde gözegçiligi üpjün edýär. Trafik akymyna gözegçilik edip, baglanyşyklary dolandyryp we ygtybarlylygy, tizligi gowulandyrmak üçin toruňyzy optimizirlemäge degişli çözgütleri kabul edip bilersiňiz.
Yzygider goldaw: Toparymyz, TKM-IX bilen baglanyşygyňyzyň durnukly we ygtybarly bolmagyny üpjün etmek üçin yzygiderli goldaw hödürleýär. Näsazlyklary düzetmek, tor täzelenmeleri we amallaryňyzyň kadaly işlemegi üçin ähli zerur goldawy ýerine ýetirýäris.
Baglanyşygyňyzy giňeltmek: Tor trafigyňyzyň artmagy bilen TKM-IX birikmäňizi aňsatlyk bilen giňeldip bilersiňiz. Çeýe infrastrukturamyz, mümkinçilikleriňizi artdyrmaga we zerur bolanda täze piring hyzmatdaşlary goşmaga mümkinçilik berýär.
Birikmek syýasaty
Piring şertnamalaryň görnüşleri we piring prosesi barada öwreniň. Piring syýasatymyz umumy standartlary kesgitlemäge kömek edýär we piring toruna gatnaşyjylar üçin anyk görkezmeleri berýär.
Giňişleýin maglumatÝygy-ýygydan soralýan soraglar
Iň köp gabat gelýän soraglara jogaplar.
Birikmek üçin haýyşnama
TKM-IX birikmek üçin görkezilen maglumatlary giriziň we biziň toparymyz siz bilen habarlaşar.
Biz bilen habarlaşyň
Soraglar ýüze çykan ýagdaýynda görkezilen maglumatlar boýunça habarlaşyp bilersiňiz.