Esasy sahypa/Birikmek syýasaty

Birikmek syýasaty

TKM-IX Peering Syýasaty:


Marşrut serweri barada:
Marşrut serweri (RS), bu TKM-IX gatnaşyjylarynyň arasyndaky piringi ýönekeýleşdirýän we aýratyn dolandyrylýan piring sessiýalarynyň sanyny azaltmaga mümkinçilik berýän tor hyzmatydyr. RS BGP mahabatlaryny özüne birikdirilen gatnaşyjylaryň arasynda paýlaýar, şonuň bilen RS bilen baglanşygy gurmak, RS-a bilen baglaşylan TKM-IX-ň beýleki gatnaşyjylary bilen piring gatnaşyk gurmagy aňladýar.

Marşrut Serweri hyzmaty tor signalynyň zaderžkasyna (gijä galmagyna) täsir etmeýär, sebäbi traffik göni agza interfeýsleriniň arasynda iberilýär.
RS umumy piring VLAN-da elýeterli bolýar we IPv4 we IPv6 protokollarynda işleýär we 16-bit we 32-bit AS sanlaryny goldaýar.

RS-i nädip ulanyp başlamaly?
RS ulanýan gatnaşyjylaryň hemmesi Tehnologiýa talaplaryny ýerine ýetirmeli.

RS ulanyp başlamak üçin, gatnaşyjy Route Server-iň awtonom ulgamy bilen BGP piring sessiýasyny döretmek üçin aşakdaky ädimleri tamamlamaly:

AS marşrut syýasatynyň beýanyna Route Serweriň AS-y bilen birikmäni goşmaly. Marşrutlaşdyryş syýasatynyň beýany RIPE, ARIN ýa-da RADB Internet marşrutlaşdyryş sanawynda (IRR) täzelenmeli.

Arzaňyzy ygtyýarly aragatnaşyk salgysyndan noc@tkm-ix.net adresine iberiň, şol ýerde gurama ID, AS belgisini we serhet marşrutizatoryň IP adresini (IPv4 we / ýa-da IPv6) görkeziň.

Iki RS bilen BGP sessiýalaryny düzüň.

BGP konfigurasiýasynda no bgp enforce-first-as buýrugyny (ýa-da enjamyňyz üçin şoňa meňzeş) işledip, birinji AS-yň barlagynyň ýerine ýetirişini öçüriň.

TKM-IX gatnaşyjylaryň RS bilen täsirleşmegi barada maglumatlary TKM-IX müşderi portalyndan alyp bilersiňiz.

RS marşrut syýasaty barada maglumatlary RIPE maglumatlar bazasyndan alyp bilersiňiz (https://www.ripe.net ýa-da Whois -h whois.ripe.net [marşrut serweri AS] hökmünde).

RS üçin BGP mahabatlaryny görmek we düzetmek üçin RS Looking Glass-y ulanyň.

RS marşrutlaşdyryş syýasaty


RS BGP4-i ulanyp, RFC4271-de görkezilişi ýaly, birikdirilen gatnaşyjylar bilen marşrut maglumatlary alyşýar. Düzgüne görä, RS pirlaryndan alnan ähli ugurlaryň iň gowularyny mahabatlandyrýar. “Next-Hop” atributynda RS-iň mahabatyny ugradan hostyň IP adresi bolýar. AS_PATH atributy üýtgewsiz geçirilýär. Şeýlelik bilen, RS pirlaryň arasynda gönüden-göni trafik alyş-çalyşy bolup geçýär.

RS BGP ugurlaryny aşakdaky düzgünlere laýyklykda işleýär:
RS hususy tor marşrutlaryny, default marşrutlary we ýörite maksatly torlary kabul etmeýär (RFC6890).

RS hususy ýa-da ýörite maksatly AS-laryň marşrutlaryny kabul etmeýär (RFC5398, RFC6996, RFC7300, RFC7607).

Eger IRR maglumatlar bazasyndaky "route / route6" obýektiniň "origin" atributy AS_PATH atributynda başlangyç AS belgisine gabat gelmeýän bolsa, RS bu marşrutlary kabul etmeýär.

Eger AS_PATH atributynda iň soňky goşulan AS belgisi BGP sessiýasyny döreden gatnaşyjynyň AS belgisine gabat gelmeýän bolsa, RS bu marşrutlary kabul etmeýär.

RS marşrutlar üçin RPKI barlagyny (RFC6480) ýerine ýetirýär we netijäni ýörite BGP community bilen belleýär. RPKI_INVALID statusy bolan marşrutlar ret edilýär.

BGP community atributlary


RSAS - bu şäheriňizdäki marşrut serweriniň AS belgisini aňladýar.

Route serweri BGP community atributlarynyň iki toparyny goldaýar: standard we extended. Standard community tablisa laýyklykda ulanylýar. BGP community-ni işlemegiň prioritet tutulýan ugry: Extended> Standard.

Hereket BGP standard community ( RFC1997 ) BGP extended community ( RFC8092 )
AS üçin prefiks mahabatyny blokirlemek [peer-as ] 0:peer-as RSAS:0:peer-as
AS üçin prefiksi yglan ediň [ peef-as ] RSAS:peer-as RSAS:1:peer-as
Ähli gatnaşyjylara prefiks bildirişini blokirlemek 0:RSAS RSAS:0:0
Gatnaşyjylaryň hemmesine prefiksi yglan etmek RSAS:RSAS RSAS:1:0
Blackhole community (gelýän traffigi petikleýär) 65535:666 --
Bu prefiksi AS yglan edende bir gezek prepend goşmak [ peer-as ] 1:peer-as RSAS:101:peer-as
Bu prefiksi AS yglan edende iki gezek prepend goşmak [ peer-as ] 2:peer-as RSAS:102:peer-as
Bu prefiksi AS yglan edende üç gezek prepend goşmak [ peer-as ] 3:peer-as RSAS:103:peer-as

Tehnologiki Talaplar:


Müşderi IX 100BASE-TX ýa-da 1000BASE-T tor birikdiriş interfeýslerinde tizligi we dupleks režimini anyk kesgitlemeli.

Müşderiň hyzmaty ulananyşy, IETF STD1 (http://www.rfc-editor.org/rfcxx00.html) kesgitlenen standartlara laýyk gelmelidir.

Müşderiniň awtonom ulgam belgisi bolmaly ( " Awtonom ulgam " ýa-da " AS") ), sebitdäki internet bellige alyjylarynyň birinde hasaba alnan ( " Sebitleýin internet bellige alyjy " ýa-da " RIR " ).

Müşderi, AS-yň marşrutlaşdyryş syýasaty maglumatlaryny aşakdaky Internet marşrut ýazgylarynyň birinde ( " Internet marşrut ýazgylary " ýa-da " IRR " ) saklamaly we täzelemeli: RIPE, ARIN, RADB, AFRINIC, APNIC ýa-da LACNIC.

Müşderi IX tora birikýän interfeýslerinde LACP-den başga protokollaryny öçürmeli: “Proxy ARP”, broadcast forwarding, spanning-tree, IP-redirect, “Link Layer Discovery Protocols” (LLDP we ş.m.) we beýleki Ethernet freýmlary (CDP, Layer 2 keepalive we ş.m.).

Müşderi Ýerine ýetirijä IX toruna birikmek üçin ulanylýan ähli logiki interfeýsleriň MAC salgylaryny üpjün edýär. Müşderi tarapyndan IX toruna birikmek üçin ulanylýan her bir fiziki interfeýs üçin Potratçy bilen deslapky şertnama esasynda Müşderiniň enjamlaryny çalyşmak möhletlerinden başga diňe bir MAC salgysy ulanylmaga rugsat berilýär.

Müşderi ICMPv6 Neighbor Discovery freýmlardan daşary Peering VLAN arkaly multicast Ethernet freýmleri geçirmeli däldir.

Müşderi diňe aşakdaky görnüşli Ethernet freýmleri IX-yp tory (http://www.iana.org/assignments/ethernet-numbers) arkaly Iberip bilýär: 0x0800 - IPv4, 0x0806 - ARP, 0x86dd - IPv6, 0x8100 - 802.1Q

Müşderi IX-yň toruna birikmek üçin interfeýslerde Ýerine ýetiriji tarapyndan bölünen IP adresleri we tor maskalaryny ulanmagy öz üstüne alýar.

Müşderi IX-yň tor IP adreslerini öz AS-yndan başga ýere mahabatlandyryp (anons edip) bilmez.

Müşderi piring VLAN-da sessiýalary döretmek üçin BGP4 ulanmalydyr.

Müşderi IX tor birikmesiniň her logiki interfeýsinde BGP4 arkaly aragatnaşygy üçin diňe bir AS belgisini ulanmalydyr.

Müşderi IX torunyň üsti bilen traffigi diňe IX torundan Müşderä mahabatlandyrylan torlara ugrukdyrmagy we trafigiň IX torundan Müşderi tarapyndan IX torda mahabatlandyrylan torlara geçirilmegini üpjün etmegi öz üstüne alýar.

Müşderi IX tor birikmesiniň logiki interfeýslerinde 1500 baýtlyk IPv4 / IPv6 MTU-ny ulanmalydyr.

Müşderi tarapyndan RS-e mahabatlandyrylan öz AS torlary üçin internet marşrut reýestrinde route we / ýa-da route6 obýektini saklamaly we täzeläp durmaly.
Müşderi Ýerine ýetirijiniň web sahypasyndaky maglumatlara laýyklykda IX-ň her Route serweri bilen BGP sessiýalaryny guramagy öz üstüne alýar.

Müşderi Internet Routing Registry sanawynyň tor maglumatlaryny marşrutlaşdyryş syýasatyna laýyklykda laýyklykda RS-e öz torlaryny mahabatlandyrmalydyr. Hususan-da, mahabatlandyrylan torlaryň AS_PATH atributlarynda iň soňky AS belgisi degişli marşrutyň " origin " häsiýetnamasyna we / ýa-da Internet marşrutlar sanawynda route6 obýektine laýyk gelmelidir.

Müşderiniň RS-e hususy torlary, hususy awtonom ulgamlary, default route ýa-da Full view mahabatlandyrmaga hukugy ýok.

TKM-IX Peering Düzgünleri:



“Unicast Peering LAN”-da rugsat berilen trafigiň görnüşleri


Üns beriň: TKM-IX-yň Tory dolandyryş merkezi (NOC) aşakdaky düzgünleri bozýan islendik porty öçürip biler.

TKM-IX infrastrukturasynyň netijeli işlemegi üçin, biz rugsat berlen traffigiň görnüşlerine käbir çäklendirmeleri girizýäris. Aşakda bu çäklendirmelere syn berilýär.

1. Ethernet freýming


TKM-IX infrastrukturasy Ethernet II standartyny ulanýar. LLC / SNAP (802.2) inkapsulasiýa rugsat berilmeýär.
TKM-IX portlaryna iberilen freýmler aşakdaky Ethernet görnüşlerinden biri bolmaly:

  • 0x0800: IPv4
  • 0x0806: ARP
  • 0x86dd: IPv6
  • 0x8100: IEEE 802.1Q

2. MAC salgysy syýasaty


TKM-IX-iň aýry bir portyndaky aýry bir VLAN-da iberilen ähli freýmler şol bir MAC salgysyndan gelip çykmalydyr.

3. Proxy-ARP ulanmagy gadagan etmek


IX-a birikdirilen marşrutizator interfeýsinde Proxy ARP ulanylmaly däldir.

4. Diňe “Unicast” traffigi


TKM-IX portlaryna iberilen freýmlerde, aşakdaky ýagdaýlardan başga ýagdaýlarda multicast ýa-da broadcast maksatly MAC salgysy bolmaly däldir:

  • broadcast ARP paketler
  • ICMPv6 Neighbor Discovery, Neighbor Solicitation we MLD multicast paketleriniň geçirilmegi (Router Solicitation ýa-da Advertisement paketlerinden başga).

6. No Directed Broadcasts


TKM-IX-yň lokal piring toruna gönükdirilen broadcast IP paketler TKM-IX-yň portlaryna ugradylmaly däldir.

7. No Export of TKM-IX Peering LAN


TKM-IX-yň lokal piring-y üçin bellenen IP giňişligi, TKM-IX-iň aç-açan rugsady bolmazdan beýleki ulgamlara (şol sanda internete) mahabat edilmeli (anons edilmeli) däldir.

8. Zyýanly işleriň gadagan edilmegi


TKM-IX-yň infrastrukturasy arkaly beýleki TKM-IX müşderilerine garşy Application Level protokollar arkaly zyýanly hereketler etmek düýbünden gadagan.
TKM-IX hüjümler ýa-da hyýanatçylykly şikaýatlar gelen müşderiniň portuny ýapmak hukugyny özünde saklaýar . Gadagan edilen hüjümler şulary öz içine alýar:

  • BGP Hijack
  • DNS Amplification / Flood
  • HTTP-Flood
  • NTP Amplification
  • UDP-Flood
  • ICMP-Flood
  • SSDP-den hyýanatçylykly peýdalanmak (Simple Service Discovery Protocol)

TKM-IX-e Birikmek Tertibi


TKM-IX-e birikmek üçin şu ädimleri ýerine ýetirmeli:

1. TKM-IX administrasiýasynyň wekili bilen habarlaşyň we TKM-IX torundaky şäher, uzel salgysy we port konfigurasiýasy ýaly tehniki baglanyşyk parametrlerini kesgitlemeli.

2. TKM-IX bilen hyzmat şertnamasyna gol çekmeli.

3. TKM-IX toruna birikmek üçin guramaňyzyň identifikatoryny we aýratyn beriljek portuň koordinatlaryny almaly.

4. Hasap-faktura boýunça bir gezeklik gurnamak tölegi tölemeli.

5. Enjamyňyz bilen TKM-IX torundaky size berilen portuň arasynda aragatnaşyk liniýasyny gurnamaly. TKM-IX-iň tehniki wekillerine aragatnaşyk liniýaňyz barada habar bermeli. TKM-IX-den aragatnaşyk liniýasynyň kabul edilendigi barada tassyklama hatyny almak üçin TKM-IX administratiw wekiliniň elektron poçtasyna habarnama ýazmaly.

6. TKM-IX administratiw we tehniki wekillerine birikmäge taýýardygyňyzy habar bermeli. Elektron hatyňyza aşakdaky maglumatlary goşmaly:

  • Routeriňiziň MAC salgysy
  • Reverse DNS zonasyndaky PTR ýazgysy üçin marşrutizatoryňyzyň doly kwalifikasiýa domen adyny (FQDN) (diňe umumy piring VLAN-da işlemek üçin zerur)
  • Zerur bolan birikme protokoly: IPv4 we/ýa-da IPv6 (adaty tertip boýunça IPv4).

7. TKM-IX toruna birikdirilenden soň portuňyz karantin VLAN-a ýerleşdiriler. Parametrleri sazlaňyzsoň TKM-IX-iň NOC-yna (noc@tkm-ix.net) taýýarlygy barada habarnamany ibermeli. Hiç hili ýalňyşlyk tapylmasa, portuňyz şertnamada görkezilen hyzmat parametrlerine laýyklykda VLAN-a geçiriler. Tehniki şertler ýerine ýetirilmedik halatynda näsazlyklary düzetmek möhleti uzaldylyp bilner.

8. BGP arkaly marşrut serwerleri we / ýa-da beýleki TKM-IX gatnaşyjylary bilen özara täsiri gurmaly. RIPE maglumatlar bazasyndaky marşrut syýasatyň beýanyny we PeeringDB-de maglumatlary täzelemegi ýatdan çykarmaň.